«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçilik işleriniň binýady berkidilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli meseleleriň birnäçesine, şonuň ýaly-da käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, gurlup, 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawynyň taýýarlanylýandygy, täze şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, önümçilik maksatly desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Maslahatyň dowamynda wise-premýer milli ykdysadyýeti mundan beýläk hem senagatlaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen işler, eziz Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk enjamlarydyr beýleki serişdeler bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin gurlan önümçilikleriň işlerinde zerur bolan serişdeleri satyn almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi hakynda öz hasabatynyň dowamynda gürrüň berdi. Şeýle işler bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň himiki serişdeleri, oda çydamly materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasyny doly güýjünde we bökdençsiz işletmek maksady bilen, kärhananyň önümçilik işleri üçin zerur bolan himiki serişdeleri, oda çydamly materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny görkezilen Kararyň goşundysyna laýyklykda satyn almak barada «Haýyrly goldaw» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ministrligiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy ýurdumyzyň metallurgiýa senagatynyň ilkinji iri we kuwwatly düzümleriniň biri hasplanylýar. Häzirki wagtda bu kärhana ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk armaturasy bilen esasy üpjün ediji bolup durýar.  

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň himiki serişdeleri, oda çydamly materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagy hakynda» Karara gol çekmegi hem-de bu möhüm Kararyň ýerine ýetirilmegi «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasyna Diýarymyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan gurluşyk işlerini hem-de halk hojalygynyň pudaklaryny gurluşyk armaturasy bilen bökdençsiz we ýeterlik derejede üpjün etmäge mümkinçilik berer. 

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň hem-de uly isleg bildirilýän gurluşyk önümleriniň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy we ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.