Bitaraplygyň beren bagty...
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda ministrligiň mežlisler jaýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk taglymaty» atly maslahat geçirildi. Maslahata ministrligiň merkezi edarasynyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz döwletimiziň täze eýýamynda uly many-mazmuna eýe boldy. Bitaraplyk derejesi – türkmen halkynyň milli guwanjyna, buýsanjyna, agzybirligiň we berkararlygyň nyşanyna öwrüldi» diýip bellediler.
Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow öz çykyşynda «Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyz ähli ugurlarda ösüşiň täze belentliklerine galdy. Ýurdumyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulandy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy has-da ýokarlandy. Bu gün döwletimizde toýlar goşa-goşadan gelýär. 12-nji dekabrda tutuş ýurdumyzda uly ruhubelentlik we dabara bilen belleniljek Halkara Bitaraplyk gününi hem bagtyýar ýaşaýjylarymyz uly buýsanç bilen garşylaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylgy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip aýtdy.
Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasy bölüminiň başlygy Abdylhalyk Jumadow, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Begenç Berdiýew, ministrligiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň hünärmeni Gaýgysyz Atabaýew dagylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýurduň raýatlaryna beren bagty, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti we halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik däpleriniň iň ýokary nyşanydygy, baýramçylyk mynasybetli gözel paýtagtymyzda köp sanly baýramçylyk dabaralarynyň we medeni-köpçülikleýin çäreleriň, halkara ylmy maslahatlaryň, täze binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynyň, sport ýaryşlarynyň geçirilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabarada çykyş edenleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin durmuşa geçirýän beýik işleriniň we ynsanperwer daşary syýasatynyň elmydama rowaç almagyny, ata Watanymyzyň parahat, ilimiziň abadan, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw etdiler.