Täze binalar. Jaý toýlary. Döwletli ojaklaryň dünýäsi

Garaşsyz Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmak, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň esasy ugry bolup durýar.

Onuň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda gündogar sebitde hem ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilýär. 

Ýurdumyzyň ähli beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da dürli maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegine, döredijilikli zähmet çekmegine zerur mümkinçilikleriň döredilmegine we amatly ýaşaýyş hem-de dynç alyş ulgamynyň pugatalandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli ýakynda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barylýan ýoluň ugrunda hem her biri 32 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň 40-sy gurlup ulanmaga berildi. Bu ýerde gurlan, ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilen häzirki zaman jaýlaryna maşgalalaryň 1280-si göçüp gelip, täze jaý toýuny toýladylar. 

Şeýle uly möçberde maşgala agzalarynyň täze jaý toýlaryny toýlamagy üçin  Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» we «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary tarapyndan gurlup ulanmaga berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Olar bilen birlikde Türkmenabat şäher häkimligine degişli «Şähergurluşyk we hyzmat» döwlet kärhanasynyň işgärleri hem gurluşyklary alyp  bardylar. Ministrligiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalary bu gurluşyk önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, öz önümlerini ulanmak bilen gurluşyk işlerini hem alyp barmagy guwandyryjy ýagdaýlaryň biridir. 

3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan öýleriň, täze jaýlaryň ählisinde döwrebap, birkemsiz ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Olar merkezleşdirilen ýylylyk, elektrik, gaz we suw ulgamy bilen üpjün edilendir. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanar ýaly meýdançalar göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde ýaşyl otly zolak döredilip, dürli öwüşginli güller hem ösdürilip ýetişdirilmek bilen häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy çekilendir. 

Bu binalara göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň agzalary täze jaýlaryň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtyýar ýaşaýyşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz bolan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Lebap welaýat medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tans kompozisiýalary toý şagalaňyna özboluşly öwüşgin çaýdy.