Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk halkara bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky sanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde suwly dispersion boýaglary we lak-boýag materiallaryny hem-de gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän önümhanalaryň taslamalaryny düzmek we olary doly taýýar edip gurup tabşyrmak şerti bilen gurmak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galnyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.