Ajaýyp döwrüň belent ruhundan ruhlanyp...
Şu ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň, onuň garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, beýleki jogapkär işgärleriniň, syýasatşynaslaryň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegine, oňa degişli adyň dakylmagyna, şonuň ýaly-da täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna, sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy bilen baglanyşykly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda onda çykyş edenler Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip bellediler. Şonuň ýaly-da olar Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesiniň berilmeginiň, täze, häzirki zaman edara ediş merkezine «Arkadag» adynyň dakylmagynyň, onuň «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagynyň, şol ýerde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýetli, buýsançly taraplary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda döwet galamynyň önümi hökmünde dünýä inen «Dowam bolsun!» atly täze goşgusy okalyp, hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi.
Medeniýetiň, sungatyň ösýän-rowaçlanýan ýurdunda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyç-tagallalary netijesinde, gurluşyk-binagärlik babatda uly zehin siňdirip, şähergurluşyk ýörelgesinde toplan baý tejribesinden ýerlikli peýdalanyp, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärthanalarynyň öndüren gurluşyk önümleriniň hasabyna gurlan bu ajaýyp Arkadag şäheri, esasan, ýerli gurluşykçylarymyzyň çeken yhlasly zähmetiniň ajaýyp miwesidir. Owadan, täsinliklere baý täze şäheriň «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, edara ediş binasynda gurlan bilim, medeniet, saglygy goraýyş edaralaryna, sungat binasyna ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize hormat-sarpa goýmak, nesillerimizi ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek maksady bilen türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzyň raýatlarynda buýsanç duýgularyny döretdi. Öz çykyşlarynda bular barada düýpli gürrüňler eden adamlar ak bagtyň merkezine öwrülen Ahal welaýat merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden goşgusyna, şonuň ýaly-da taryhy şahsyýetlerimize goýulýan hormat-sarpa mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çykyşlar aýdym-saz bilen utgaşdyrylyp, hoşallyk maslahatynyň soňunda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.