Ösüşler, şertnamalar, başlangyçlar...
Gahryman Arkadagymyzyň «Senagat toplumy halk hojalygynyň öňbaşçysy bolmalydyr, çünki ol pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda milli senagaty ösdürmek, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryna maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak, şonuň ýaly-da ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, önümçilige sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitlerinde gurluşyk, senagat, energetika, himiýa we ýolgurluşyk pudaklaryna uly orun degişlidir. Şeýle maksat bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine ýerli demir magdanlarynyň tehnologiki synaglaryny geçirmek barada daşary ýurt ylmy-barlag instituty bilen şertnama baglaşmak hem-de çykdajylaryny tölemek hakynda» çözgüdi esasynda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň ГНЦ ФГУП «Центральный научно-исследовательский институт черной металлургии им. И. П. Бардина» ylmy-barlag institutynyň arasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklaryndaky demir magdanlarynyň metallurgiýa önümçiliginde ýaramlylygyny kesgitlemek we olary baýlaşdyrmagyň usullaryny işläp taýýarlamak boýunça tehnologiki synaglary geçirmek barada şertnama baglaşyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde binalaryň hem desgalaryň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk materiallaryny merkezleşdirilen tertipde üpjün etmek barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen zerur bolan armatura önümlerini satyn almagyň birinji tapgyryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 9-njy awgustyndaky «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň gurluşygy üçin armatura önümini satyn almak hakynda» Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Russiýa Federasiýasynyň «Металлургический Завод Балаково» paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Sсhweiz AG» kompaniýasynyň arasynda armatura önümini satyn almak barada şertnama baglaşyldy.
Şonuň ýaly hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunyndaky «Armatura önümini satyn almak hakynda» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Russiýa Federasiýasynyň «Новосталь-М» metallurgiýa holdinginiň «Металлургический Завод Балаково» paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň «Газпром экспорт» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň arasynda armatura önümini satyn almak hakynda şertnama baglaşyldy.
Häzirki günde ministrligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň agzybir işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaryny we kararlaryny, ministrligiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýlägem ösdürmek, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.