«Halal zähmet – ganatym, ajap durmuş – halatym!» atly hünär bäsleşigi geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ähli ugurlarda ägirt uly ösüşlere beslenýär, möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak babatda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan gymmatlyklary we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän häzirki zaman senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy uly depginler bilen alnyp barylýar. Bu amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň paýy has-da uludyr. 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan tassyklanan Düzgünnama laýyklykda, şu ministrligiň ulgamynda «Halal zähmet – ganatym, ajap durmuş – halatym!» atly hünär bäsleşigi geçirilýär. 

Hünär bäsleşiginiň esasy maksady ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň  28 ýyllygynyň uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilýän ýylynda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak arkaly oňat netijeleri gazanan edara-kärhanalaryň göreldeli işini we gazanan netijelerini hem-de hünär ussatlygyny görkezmek bilen halal we yhlasly işlän işgärleriň göreldeli zähmetini dabaralandyrmakdan, zähmetkeşler köpçüligini Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň dekabrynda, Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda jemlener we edara-kärhanalar hem-de ministrligiň merkezi diwany tarapyndan hödürlenen tekliplere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň merkezi topary tarapyndan seljerme geçirilip, ýeňijiler saýlanar. Bäsleşigiň jemi boýunça 1 sany  1-nji, 1 sany   2-nji we 1 sany 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan edara-kärhanalara hem-de göreldeli we yhlasly zähmet çekip, hünär ussatlygyny görkezen işgärlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan bilelikde geçirilýän «Halal zähmet – ganatym, ajap durmuş – halatym!» atly hünär bäsleşiginiň guramaçylykly guralmagyny üpjün etmek hem-de edara-kärhanalaryň we olarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynda  hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz döwletimizi gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmek, Arkadagly Serdarymyzyň  baştutanlygynda hem-de berýän hemaýat-goldawlary netijesinde senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny we ilatymyzy zerur bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport önümlerini ýurdumyzda öndürmek boýunça öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge ruhlandyrmak maksady bilen ministrlik boýunça buýruk çykarylyp, hünär bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasy garamagyndaky ähli edara-kärhanalara iberildi we bäsleşige badalga berildi.   

Biz «Halal zähmet – ganatym, ajap durmuş – halatym!» atly hünär bäsleşigine gatnaşyjylara üstünlikler arzuw edýäris!