Şanly baýrama zähmet üstünlikleri bilen
2023-nji ýylyň 3-nji martynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,1 göterim ýerine ýetirildi. Elbetde, ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe ministrlik boýunça sement önümleriniň öndürilişi 120,4 göterime, ösüş depgini 120,4 göterime barabar boldy. «Lebap» sement zawodynyň önümçilik meýilnamasy 115,2 göterim ýerine ýetirildi we 123,7 göterim ösüş gazanyldy. Gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 106,0 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 100,2 göterime deň boldy. Keramzitiň öndürilişi 102,5 göterime deň boldy, ösüş depgini hem 102,5 göterim boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 101,6 göterime barabar boldy, ösüş depgini hem 100,0 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda meýilnama 100,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini hem 100,5 göterime barabar boldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 102,0 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 102,3 göterime deň boldy. Daşoguz «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümleriň öndürilişi 150,4 göterime we ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 142,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 142,1 göterime deň boldy. «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda meýilnama 100,0 göterim ýerine ýetirilip, 100,0 göterim ösüş gazanyldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 102,4 göterime deň bolan bolsa, onuň ösüş depgini 100,4 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzyň – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynjakdygyna ynanýarys hem-de olara üstünlikleriň mundan beýlägem ýar bolmagyny arzuw edýäris.