BAGTYÝAR MAŞGALALARA TOÝ SOWGADY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagtynda, welaýatlarynda il-halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, raýatlaryň umumy durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmak baradaky milli maksatnamalarymyza we strategiýalarymyza laýyklykda, ýerlerde düýpli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem ýaşamak üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, edara, medeni-durmuş we beýleki maksatly binalaryň köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilmegi munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da dürli maksatly edara hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berlendigi munuň hakykatdan hem şeýledigini subut edýär. Munuň özi adamlaryň gowy ýaşamagy üçin ýokary amatlyklaryň döredilmegine, döredijilikli işlemegi üçin zerur şertler bilen üpjün edilmegine hem-de amatly ýaşaýyş we dynç alyş ulgamynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen adyl syýasatyň oňyn netijesidir.
Golaýda Halkara Zenanlar güni mynasybetli hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň zähmetsöýer gurluşykçylary tarapyndan gurluşyk-gurnama, timarlaýyş-bezeg işleri ýokary derejede geçirilen, birkemsiz ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilen 4 gatly, 48 öýli döwrebap, raýatlaryň hemmetaraplaýyn ösen talaplaryny ödeýän ýaşaýyş jaýlarynyň biri Mary şäheriniň «Güneş» şäherçesinde gurlup ulanmaga berildi. Jaýyň açylyş dabarasyna welaýat häkimi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýerli welaýat we etrap komitetleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we beýlekiler gatnaşdylar.
Şonuň ýaly-da bu welaýatyň Baýramaly şäheriniň Altyn asyr köçesiniň ugrunda ýene bir 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy hem görkezilen kärhana tarapyndan gurlup, bagtyýar maşgalalara sowgat berildi. Öýleriniň 24-si iki otagly, 24-isi-de 3 otagly bolan bu binanyň açylyş dabarasynda welaýat häkimi çykyş edip, ol raýatlaryň ýokary amatlykly, hemmetaraplaýyn göze gelüwli, iň bir häzirki zaman ýaşaýyş binalarda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk-sagbolsunlaryny aýtdy. Bu ýere gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Zeminiň lälesine deňelýän gelin-gyzlaryň, eneleriň baýramynyň toý dabaralary Ahal welaýatynda hem buýsançly wakalara, ýakymly pursatlara beslendi. Halkara zenanlar gününiň bellenilýän şatlykly gününde – 8-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda hem 3 sany 4 gatly 48 öýli we 1 sany 4 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary şatlyk-şagalaň bilen geçirildi. Bu ýere welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşulylaryň we ýaş nesliň wekillerinden, bagtyýar maşgalalardan başga-da köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Ruhubelentlige beslenen dabarada köp çagaly enelere döwlet Baştutanymyzyň adyndan täze, döwrebap öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy has-da tolgundyryjy boldy. Bu ajaýyp pursatda mährem eneler beýik döwrümize bolan buýsanjyny, ýürek joşgunyny beýan edip, şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş berendikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan uly we jogapkärli döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny ene ýüreklerinden arzuw etdiler.
«Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda gurlan bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň ezber gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Ýokary hil derejesinde bina edilen şol jaýlarda ekologiýa taýdan arassa, degişli talaplara laýyk gelýän gurluşyk serişdeleri we enjamlar ulanylypdyr. Olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ýörite enjamlaşdyrylan meýdançalar göz öňüne tutulypdyr.
Ýokary rahatlykly öýleriň açarlaryny alan bagtly öý eýeleri gurluşykçylaryň tagallalaryna ýokary baha berdiler we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Görkezilen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabaralaryň soňy joşgunly aýdymdyr sazlar bilen utgaşdy.