Ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny aýawly saklamak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işler hem muňa şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň, olaryň daş-töwerekleriniň bagy-bossanlyga öwrülmegini, gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerini giňden dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýmak bilen, olaryň üstünlikli berjaý edilmegine çäksiz goldaw berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji «Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi we bu resminama laýyklykda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda bag ekmek möwsümine uly dabaralar bilen badalga berlip, bu çäräniň guramaçylykly dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda has hem giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 18-nji martynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda badalga berildi. Bu günde başlanan ýazky bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Her ýylda guralýan bu möhüm çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şu ýylda tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen ýazky bag ekmek çäresine halk hojalygynyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bu çärä gatnaşan ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar.
Bag ekişligiň ýazky möwsüminiň badalga berlen gününde ministrligiň edara-kärhanalarynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda we töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Bäherden we Gökdepe etraplarynda, Mary welaýatynda ýerleşýän bag meýdanlarynda we tokaý zolaklarynda 8 100 sany saýaly we pürli, şol sanda 1000 sany üzüm nahallary oturdyldy. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň töwereklerindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bag meýdanlarynda 35 000-e golaý baglara ideg edildi.
Bütin dünýäde ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti bolan köpçülikleýin bag ekmek çäreleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baharynda badalga alan bu döwletli işler ajaýyp zamanamyza täze görk berip, mähriban halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.