Demokratiýanyň dabaralanmasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şeýle wakalaryň hatarynda 26-njy martda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny görkezmek bolar. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi we Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetliliginiň guralynyň netijelidigini görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýän demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky möhüm ädim boldy. Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik çärä milli synçylar bilen bir hatarda, halkara synçylaryň we bilermenleriň işjeň gatnaşmaklary bolsa onuň aýdyň beýanyna öwrüldi.
26-njy martda saýlawlarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiz – Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp ses bermekleri halkymyzda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Şol gün ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiň çägindäki 48-nji saýlaw uçastogyna bardy we saýlaw uçastogynyň ses bermek üçin niýetlenen ýerinde iň mynasyp gören dalaşgärlerine ses berip, özüniň konstitusion hukugyndan peýdalandy hem-de raýatlyk borjuny berjaý etdi.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde bolmagy, bu çäräniň belent owazly aýdym-sazlar bilen utgaşmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan syýasy-jemgyýetçilik çäräniň derejesini has-da belende göterdi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi, saýlawlarda ses bermek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini alamatlandyrdy. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz her bir dalaşgäre üstünlik, saýlaw toparlarynyň agzalaryna bolsa bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresini netijeli geçirmegi, halkymyza abadan, bagtyýar durmuşy, mähriban Diýarymyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw edip, saýlawlaryň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Bu uçastokda saýlawçylaryň sanawyna girizilen ýurdumyzyň beýleki raýatlary hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ruhubelentlik we raýat işjeňligi bilen halkymyzyň iň mynasyp wekillerine ses berip, türkmen halkynyň döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilen dabaraly gününde ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlykly gelindi. Hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde, şu gün ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.
Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylarynyň bähbidini goramak hukugy ugrunda watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan adamlar dalaşgärlik etdiler. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bar.
Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, bu gezekki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýanlyk ýagdaýynda geçdi.
Jebislikde we agzybirlikde geçirilen saýlawlar Watanymyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanyp, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, parahatçylyk söýüji syýasatyny ähli halkymyzyň gyzgyn goldaýandygyny aýdyň görkezdi. Türkmen halkyny adalatyň hem agzybirligiň ýoly bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz – Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.