Ümzük öňe, işler ileri

         2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. 

       Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

       Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,7 göterim ýerine ýetirildi. Ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe ministrlik  boýunça sement önümleriniň öndürilişi 112,1 göterime, ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. «Lebap» sement zawodynyň önümçilik meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,7 göterime barabar boldy. «Bäherden» sement zawodynda önümçilik meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi, bu zawodyň ösüş depgini 140,3 göterime deň bolan bolsa, «Balkan» sement zawodynda meýilnama 121,5 göterim ýerine ýetirildi. Ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 106,5 göterim ýerine ýetirildi, onuň ösüş depgini 106,5 göterime deň boldy. Keramzitiň öndürilişi 101,4 göterime deň boldy, ösüş depgini hem 101,4 göterim boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 101,1 göterime barabar bolup, ösüş depgini hem 100,3 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini hem 102,1 göterime barabar boldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 108,5 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 102,3 göterime deň boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişi 124,8 göterime we  ösüş depgini 108,8 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 165,0 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 165,0 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde iş meýilnamasy 117,0 göterim ýerine ýetirilen bolsa, müdirlik boýunça ösüş depgini 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 158,5 göterim boldy.

       Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleri tarapyndan mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini hem kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzyň – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynjakdygyna ynanýarys hem-de olara üstünlikleriň mundan beýlägem ýar bolmagyny arzuw edýäris.