Türkmenistan – bagy-bossan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny yzygiderli gowulandyrmak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen, her ýylda ýurdumyzda bag ekmek hakynda kararlara gol çekmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ähli zerur bolan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Kararlara laýyklykda, welaýatlarda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde miweli we saýaly agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi we onuň garamagyndaky edara-kärhanalar hem yglan edilen ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýarlar.

Häzirki wagtda ministrlige agaç nahallaryny oturtmak üçin bölünip berlen bag meýdanlarynda ekilen baglar esasan pürli, saýaly, miweli we üzüm nahallarydyr. Baglara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär, olar wagtly-wagtynda suwarylýar, hatar aralary sürülýär we arassaçylyk işleri yzygiderli geçirilip durulýar.

Şu günki günde hormatly Prezidentimiziň çykaran kararyna laýyklykda 2021-nji ýylda pudaga bölünip berlen ýer böleklerinde ýaş bag nahallaryny oturtmak boýunça zerur bolan işler alnyp barylýar.