Senagat kärhanalarynyň düzümlerini kämilleşdirmek meselesi üns merkezinde

2023-nji ýylyň 22-nji ap­relinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçilik edýän orunbasary ulgamdaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky önümçilik kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hil derejesini halkara standartlaryna we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, senagat, gurluşyk önümçiligi babatda öň­de durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak we olaryň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň meýilleşdirilýändigi barada hem habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diň­läp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläk hem has-da ösdürmek boýunça öň­de durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine täzeçil çemeleşmegiň, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň, ulgama degişli edara-kärhanalaryň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýakyndan hemaýat-goldaw bermeginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi we garamagyndaky eadara-kärhanalar tarapyndan ýurdumyzda senagaty ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak hem-de giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy zerur bolan gurluşyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin ähli işler amala aşyrylýar we biz ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň doly ýerine ýetiriljekdigine ynanýarys.