Ene ýaradylyşda dowamatyň dowamy
Halkymyzyň ahlak gymmatlyklaryny ýol-ýörelge edinip, olary nesillere ýetirmek arkaly uly ýollardan söz açýan Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ene, käbeleriň artykmaç taraplary, olaryň diňe bir perzendine däl, eýsem bütin ulus-ile hem mähir, nesillere sowat-terbiýe berşi, ynsanlar üçin ýolgörkeziji bolup durýandygy barada düýpli gürrüňler edilýär. Hormatly Arkadagymyzyň jemgyýetimiziň arassa ahlakly, halal zähmet çekýän, maşgala abadançylygyny gorap saklaýan enelerimiz hakynda ýazan eserleri bize elmydama ýolgörkeziji-şamçyrag boljakdygy özüňe belli. Bular barada Gahryman hem mähriban Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysy» atly dürler hazynasynda: «Ejem hepdede bir çabyt taýýarlap ýetişerdi, soňra çabydy satardylar. Ýadyma düşýär, 1970-nji ýyllarda bir gün meniň doganoglanymyň gyzy Kiçigyz geldi we öz toýuna kürte tikip bermegini haýyş etdi. Ejem oňa kürte tikip berdi... Şol wakadan elli ýyl geçenden soňra, 2020-nji ýylda ol ejeme şol kürtäni getirip berdi. Bu kürtekçe «gyýak», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüňi bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda kürtäniň doly taýýarlanyp bolnan wagty görkezilipdir — «1971-nji ýyl» diýen ýazgy bar. Hawa, ejem bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal 20 günüň dowamynda taýýarlapdyr» diýlip bellenilýär» diýip, şu ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagat toplumynyň mejlisler jaýynda geçirilen «Ene beýikleri dünýä inderýän beýiklik» atly maslahatda ilkinji bolup çykyş eden Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 52-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnabat Owlakowa bellän bolsa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow öz çykyşynda: «Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban enesi Ogulabat enemiz özüniň manyly ömrüni il-ulusa, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, belent adamkärçiligiň, maşgala mukaddesligine wepadarlygyň, milli gymmatlyklara söýginiň beýik nusgasyny görkezdi. Ogulabat enemiziň geçen durmuş ýoluna tutuş halkymyz belent hormat-sarpa goýýar. Şeýle beýik ynsanyň asylly zähmeti ýaşlar üçin görüm-göreldedir, elinden çykan işleri bahasyna ýetip bolmajak nusgalyk hazyna hökmünde taryha girdi» diýip belledi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baý milli medeni mirasymyzy, her bir maşgalanyň mukaddesligini, pederlerimiziň ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahatda «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Akmyrat Hojanyýazow «Mähriban ene — durmuşyň ýylysy hem ýagtysy» atly çykyşynda: «Ogulabat enemiz, edil Mälikguly agamyz ýaly, asylzada ynsanlardandy. Beýleki ähli ýagşy gylyklar, ýagşy boluşlar şunuň bilen ýüze çykýandyr. Allatagalanyň ýalkawy şunuň bilen bolýandyr. Asylzadalygy, şoňa mahsus häsiýetleri ömrüne nagyş eden zenan! Salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, ile-ýurda söýgi, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, halal zähmeti halal ýaşaýyşyň özeni hasaplamak, nesil terbiýesini gözden salmazlyk, milli ýol-ýörelgelere wepalylyk, milli gymmatlyklara buýsanç, el hünärine ussatlyk ýaly beýik häsiýetleri özünde jemlän zenan!
Şahyr A. Hojanyýazow «Juda päkize, örän ajaýyp durmuş ýoly, uly kämilligi bilen Ogulabat enemiz ENE baradaky mukaddes düşünjäni diýseň ýokary belentlige göterdi. Şeýlelikde, ene diýlen mukaddes taglym dünýä ýaýylyp, ähli ýerler nura beslendi...» diýip, aýdylanlaryň üstüni ýetirdi. Elbetde, olardan soň çykyş eden Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Ýazjeren Mawsumowanyň, «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory Abdylhalyk Jumadowyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň esasy hünärmeni Aýmyrat Şamuhammedowyň çykyşlary hem diýseň gyzykly, özüne çekiji boldy. Maslahatyň soňunda Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri ýaňlandy.