Zähmeti goramak – sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda şu ministrligiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Zähmeti goramak – sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahat geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda örän uly üstünlikler gazanylýar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, raýatlaryň okamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy, jan saglygyny gorap saklamagy üçin ähli şertler döredilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän ajaýyp zamanamyzda adam hakdaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy we geljegi uly pudaklary bolan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ulgamynda zähmeti goramak hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň janyny we saglygyny gorap saklamak, iş ýerlerinde sagdyn hem howpsuz iş şertlerini döretmek boýunça ähli zerur işler amala aşyrylýar. 

 «Zähmeti goramak – sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahatda çykyş eden  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň başlygy R. Rahmanow, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni P. Emirsöýünow,  «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Enjamlar we tehnikalar boýunça inžener-mehanigi, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy H. Orazow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň tehniki gözegçisi T. Sähetmyradowa, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň hünärmeni G. Atabaýew jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyrmak we sagdyn durmuşy wagyz etmek hem-de edara-kärhanalarda zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň başlygy R. Rahmanow öz çykyşynda «täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde duran ägirt uly taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn uly orun degişli. Öz agzalarynyň zähmet çekmäge hukuklaryny, işgärleriň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini goramak, zähmetde öňdebaryjylary höweslendirmek, olaryň oňaýly şertlerde dynç almaklary barada hemişe alada etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de hünär derejesini kämilleşdirmek bilen yzygiderli meşgullanmak ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň möhüm wezipeleriniň hataryndadyr» diýip belledi. 

Işjeň we guramaçylykly ýagdaýda geçirilen bu maslahat zähmeti goramagyň  gazanylýan üstünliklerdäki ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, zähmet kanunçylygyny düşündirmekde, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, howpsuz iş şertleriniň üpjün edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işlerini açyp görkezdi we bu ugurda oňa gatnaşyjylar tejribe alyşdylar hem-de ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça teklipleri berdiler. 

Arkadagly Serdarymyzyň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymaty öň­de goýlan belent maksatlara ýetmegiň ýolgörkezijisidir.