Baş baýramymyzy – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamak üçin

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň örän adalatlylyk bilen: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaňratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz Türkmenistran döwletimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň şu ýylyň ilkinji dört aýynda ýerine ýetirilen işler hakyndaky  hasabatlary diňlenilip, bu döwürde amala aşyrylan işlere mynasyp baha berildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň,  Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň  hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek we daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan döwrebap önümleri eziz Diýarymyzda öndürmek hem-de ýurdumyzdan daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini köpeltmek boýunça ähli zerur işler durmuşa geçirilýär.  Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ministrlik  boýunça sement önümleriniň öndürilişi 105,5 göterime, ösüş depgini 101,0 göterime barabar boldy. «Lebap» sement zawodynyň önümçilik meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 102,3 göterime barabar boldy. «Bäherden» sement zawodynda önümçilik meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 122,0 göterime deň bolan bolsa, «Balkan» sement zawodynda meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi. Ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 109,8 göterim ýerine ýetirildi, onuň ösüş depgini 109,8 göterime deň boldy. Keramzitiň öndürilişi 100,0 göterime deň boldy, ösüş depgini hem 100,0 göterim boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 102,1 göterime barabar bolup, ösüş depgini hem 100,0 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda meýilnama 100,0 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 106,3 göterime barabar boldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 106,7 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişi 105,0 göterime we  ösüş depgini 111,4 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 180,2 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde önümçilik meýilnamasy 117,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy. Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 129,2 göterim boldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda meýilnama 113,8 ýerine ýetirilen bolsa, onuň ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy. Edara-kärhanalarda edilen işleri manat hasabyna öwreniňde hem ýokary ösüşler gazanyldy.   

Ministrligiň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini hem kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzyň – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynjakdygyna ynanýarys hem-de olara üstünlikleriň mundan beýlägem ýar bolmagyny arzuw edýäris.