Täze binalaryň gurulýan ýurdy

Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen ýokary islegleriň talaplaryna görä ýola goýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, bilim we medeniýet ulgamynyň ymaratlary, halk hojalygynyň iri kärhanalary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 

Ýurdumyzyň çäginde giň gerimde alnyp barylýan binagärlik işlerine türkmen gurluşykçylary, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. 

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»  hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ministrligiň kärhanalarynyň potratçylyk etmeginde gurulýan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklary uly depginler bilen alnyp barylýar we şolaryň birnäçesiniň gurluşygyny ýokary hilde tamamlap,  döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna gabatlap açmak we ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar.   

 2021-nji ýylda ministrligiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalary tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy – ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda 3-si, Lebap welaýatynda 1-si we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda hem 2-si gurlup ulanmaga berildi. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öý almak nesibesi çeken 160 maşgala ähli amatlyklary bolan öýleriiň eýesi boldular we olar mähriban halkymyz barada çäksiz aladalary üçin, Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.