«Ak şäherim Aşgabat» atly ХХII köpugurly Halkara sergisi üns merkezinde

Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ady dünýä dolan paýtagtymyzda şu ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХII köpugurly Halkara sergisi guralyp, onda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň gurluşyk önümleri hem giňişleýin ýaýbaňlandyryldy. Dogrusy, Türk­me­nis­ta­ny öň­de­ba­ry­jy ösen se­na­gat ýur­du­na öwür­mek ba­ra­da öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pä aň­ly-dü­şün­je­li höt­de gel­mek üçin hä­zir­ki se­na­gat ul­ga­myn­da ýo­la goý­lan do­lan­dy­ryş iş usu­ly­ny has-da kä­mil­leş­dir­me­k babatda düýpli işler geçirilýän bu döwürde ýaýbaňlandyrylýan täze tehnologiýalar, döwrebap innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan zawoddyr kärhanalarymyzyň gurluşyk enjamlary sergä gatnaşýanlaryň ünsüni has-da çekendigi bizi diýseň buýsandyrýar. 

Olar «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlarynyň önümleri bolan portlandsement hem-de köpri we beýleki gidrotehniki desgalaryň gurluşygy üçin zerur bolan sulfata durnukly sement önümleridir. Bu öňdebaryjy kärhanalarda öndürilýän TDS 751-2015, TDS 752-2015, TDS 753-2015, TDS 862-2016 döwlet standartlarynyň bellenen talaplaryna laýyklykda, PS 500 G0-K, PS 400-G0-K, SDPS 400-G20-K, PST-1(51-100) С markaly portlandsement önümleri häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan Arkadag, Aşgabat şäherlerimiziň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarymyzda alnyp barylýan gurluşyklarda giňden ulanylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň float usulynda öndürilýän dury aýnanyň 4 millimetr galyňlykdaky görnüşine we taplanan aýna, örtükli, düz, laminirlenen aýnalara, aýna paketlerine, dürli ölçegdäki çüýşe gaplara isleg diýseň uly boldy. 

Mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky se­na­gat kär­ha­na­la­ryn­da öndürilýän gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry bo­lan se­mende, mag­dan däl ma­te­ri­al­lara, me­tal önüm­le­rine,  di­war ma­te­ri­al­la­ryna, gur­na­ma de­mir­be­ton we iri pa­nel­li jaý gur­lu­şyk önüm­le­rine, ke­ram­zit, kao­lin, gips we ma­şyn­gur­lu­şyk önüm­le­rine bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler tarapyndan diýseň uly isleg bildirilendigi bizi guwandyrdy.

Mi­nistr­li­giň önüm­çi­lik dü­zü­minde hereket edýän Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirliklerinden, Bereket, Galaýmor kän hojalyklaryndan, «Türk­men­de­mi­rö­nüm­le­ri», «Nebitmaş» döw­let kär­ha­na­laryn­dan, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanalaryndan, Ýaşlyk keramzit zawodyndan, Gazbeton öndürýän zawodyndan, «Polimer önümleri» zawodyndan, «Türk­men­mer­mer» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­tin­den we beýleki edara-kärhanalardan sergä çykarylan önümler ýokary hilliligi, döwrebaplygy, hyrydar söýerliklidigi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.