Usuly iş maslahaty geçirildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda ministrligiň Işgärler bölüminiň guramagynda Merkezi diwanyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibi, bu işi guramagyň we netijelerini resmileşdirmegiň meseleleri boýunça usuly iş maslahaty geçirildi. Maslahata ministrligiň we  garamagyndaky edara-kärhanalaryň Işgärler bölümleriniň ýolbaşçylary, jogapkär hünärmenleri, şeýle hem ykdysadyýet bölümleriniň işgärleri gatnaşdylar. 

Usuly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryny we kararlaryny durmuşa geçirmek, jogapkär wezipelere ahlak taýdan arassa, halal zähmet çekýän mynasyp işgärleri saýlap-seçip almak we ýerli-ýerinde dogry goýmak, dörediji, aňly işgärleri ýüze çykarmak, pudakda tertip-düzgüni ýokarlandyrmak maksady bilen, Merkezi diwanda we edara-kärhanalarda geçirilmegi meýilleşdirilýän hünär synagyny guramagyň Tertibi oňa gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de bu işi guramagyň we netijeleri boýunça maglumatlary taýýarlamagyň hem-de resmileşdirmegiň meseleleri we Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, kärhanalarda iş ýerleriniň hünär synagyny geçirmekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bulardan başga-da iş maslahatynyň dowamynda çykyş eden Işgärler bölüminiň başlygy H.Gurbangeldiýewa, Hukuk bölüminiň başlygy G.Tagandurdyýewa, Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň  başlygy A. Seýidow, Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy D. Kurbanow işgärleriň hünär synagyny hem-de iş ýerleriniň hünär synagyny geçirmegiň tertibi we usullary, bu işleri hukuk taýdan resmileşdirmegiň hem-de edara-kärhanalarda düzgün-nyzamy berkitmegiň meseleleri we häzirki döwürde işgärleriň sanly ulgamdan baş çykarmagy, döwrebap enjamlarda, internet ulgamynda işlenilende kiberhowpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ýollary barada düşündirdiler. Olar işgärleri saýlap-seçip almagyň hem-de ýerli-ýerinde dogry goýmagyň, bilimine, hünärine, başarnygyna we ussatlygyna, kompýuter sowatlylygyndan baş çykaryşyna görä işe kabul etmegiň, olaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň ugurlary, Işgärler bölümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurlygy, iş hem-de resminama dolanyşygynyň guralyşy, işgärler bilen işlemegiň, olaryň artykmaç taraplaryny açyp, olary yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrmagyň ýollary dogrusynda bellediler.

Iş maslahatynyň ahyrynda sorag-jogap alyşma  guraldy, şeýle-de maslahata gatnaşyjylar onuň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.