Ylym – beýik ösüşleriň esasy çeşmesi

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak we ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesleriniň has-da ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen görkezilen ministrligiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ylym beýik ösüşlerimiziň binýady» atly maslahat geçirildi. Maslahata Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň işgärleri hem-de Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 

Maslahatda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň baş hünärmeni B.Tagangylyjow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty T.Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Ý.Mawsumowa, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň hünärmenleri G.Atabaýew we G.Ahmedow çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ylym ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdymak, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň giň gerimde alnyp barylýandygyny bellediler. 

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ylmy döwlet tarapyndan goldamak, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ylym ulgamy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde geljegi uly barlaglary, tejribe-synag, tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi alnyp barylýar.

Maslahatda çykyş edenleriň ählisi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň zehinine uly ähmiýet berilýändigini hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda olara aýratyn ynam bildirilýändigini, eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmegiň Arkadagly Serdarymyzyň ylym babatynda durmuşa geçirýän syýasatynyň baş maksatlarynyň biridigini aýratyn bellediler hem-de olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşlar aýtdylar.