Ýetilen sepgitler indiki üstünliklere ruhlandyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgularyny döredýär. 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň bäş  aýynyň jemleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimizde gazanylan oňat görkezijileriň bellenilmegi ýurdumyzyň ähli ugurlarda ýokary depginler bilen ösýändigini görkezýär. 

Mejlisde şu ýylyň 5 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary toplumyň düzümine girýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. 

Ýylyň başyndan bäri geçen bäş aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 107,8 göterim berjaý edildi. Mejlisde toplumyň ähli pudaklarynda önümleri öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalarynyň ýokary görkezijiler bilen berjaý edilendigi bellenildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 113,0 göterime deň boldy. 

Şeýle hem 12-nji iýunda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2023-nji ýylyň ýanwar – maý aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler we bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem edara-kärhalarda önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, ösüş depgininiň üpjün edilişi barada hasabatlar diňlenildi. 

Hasabat döwründe ministrligiň sement zawodlarynda 1 099,077 müň tonna sement öndürilip, meýilnama 100,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýanwar – maý aýlarynda ministrligiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň jemi 3 920,620 müň metr kuby öndürildi. Esasan hem, Gökdepe kän müdirliginde meýilnama 116,0 göterim ýerine ýetirilip, 107,4 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle-de, Köýtendag kän müdirliginde öndürilmeli önümleriň meýilnamasy 104,3 göterim we Galaýmor kän hojalygynda hem 101,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Bäş aýyň dowamynda tutuş ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 112,1 göterime we ösüş depgini hem 112,1 göterime barabar boldy. Şunda Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 33 981,0 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 112,2 göterime, ösüş depgini hem 112,5 göterime deň boldy. Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 37 776,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama 100,0 göterim ýerine ýetirildi we 100,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda 15 417,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, önümçilik meýilnamasy 102,8 göterime deň we ösüş depgini hem 107,1 göterim boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 20 513,5 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 108,0 göterime, ösüş depgini hem 175,9 göterime barabar boldy. 

Ministrlik boýunça keramzit öndürmegiň meýilnamasy 100,0 göterime we ösüşi hem 100,0 göterime deň boldy. Bu önümi öndürmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine meýilnamalaryny degişlilikde 100,3 we 105,6 göterim ýerine ýetiren Ýaşlyk keramzit zawody hem-de Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasy öz goşantlaryny goşdular. «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi we 100,0 göterim ösüş gazanyldy. Demir mehaniki kärhanasynda önüm öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 100,2 göterime we ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda 25 445,0 tonna sozulan metal öndürilip, meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi we 100,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda düz aýna öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 100,3 göterime deň boldy. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde 12,983  inedördül metr örtgi materiallary öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 112,9 göterime, ösüş depgini hem 100,4 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe tutuş ministrlik boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 840 934,9 müň manada deň bolup, meýilnamanyň 113,0 göterim ýerine ýetirilmegi üpjün edildi. Aýratyn hem Gökdepe kän müdirliginde, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda,  Mary «Demirbeton-önümleri» kärhanasynda, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» we «Demirbetonönümleri» kärhanalarynda, Ýaşlyk keramzit zawodynda, «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynda we «Senagataslama» taslama institutynda has ýokary netijeler gazanyldy.

Pudaklaýyn maslahatda çykyş edenler şu ýylyň bäş aýynda pudakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Türkmenistan döwletimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryna laýyklykda, üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini nygtap, gelekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.