Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen ýokary islegleriň talaplaryna görä ýola goýmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjünde dürli maksatly kaşaň binalar, döwrebap we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ylym, bilim hem medeniýet ulgamynyň ymaratlary, halk hojalygynyň iri kärhanalary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu uly möçberli gurluşyklaryň alnyp barylmagynyň esasy ugurlary ilkinji nobatda mähriban halkymyzyň amatly ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmekden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmekden ybaratdyr. 

Ýurdumyzyň çäginde giň gerimde alnyp barylýan binagärlik işlerine türkmen gurluşykçylary, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar bu gurluşyk önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, öz önümlerini ulanmak bilen gurluşyk işlerini hem alyp barýarlar. 

2023-nji ýylyň geçen döwründe hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygynyň we döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ministrligiň kärhanalarynyň potratçylyk etmeginde gurlan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklary ýokary depginler bilen alnyp baryldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ministrligiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalary tarapyndan Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherleriniň çäginde 2 sany 4 gatly 48 öýli we 1 sany 4 gatly 40 öýli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda hem 3 sany 4 gatly 48 öýli we 1 sany 4 gatly 40 öýli, raýatlaryň hemmetaraplaýyn ösen talaplaryny ödeýän ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.  

Şu ýylyň 21-nji iýunynda hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 384 hojalyga niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 12-siniň açylyş dabarasy boldy. Ähli amatlyklary bolan bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Büzmeýin etrabyndaky «Demitbetonönümleri» kärhanasynyň ussat işçi-hünärmenleri tarapyndan guruldy.  

Täze jaýlaryň hemmesi ýylylyk, elektrik, gaz, lagym we suw ulgamy bilen üpjün edildi. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy çekildi. 

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäheriniň häkimi, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpüçlikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabat şäheriniň we etrap Halk maslahatynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, bu binalaryň gurluşyklaryna mynasyp goşantlaryny goşan gurluşykçylar we beýlekiler gatnaşdylar. 

Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ruhuna mynasyp buýsançly waka bilen gyzgyn mübäreklediler hem-de täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.  Aýratyn hem ähli amatlyklary bolan täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalaryň agzalary halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbitlerine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyşlary mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowamynda gurluşyk işlerinde has tapawutlanan işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.