SAHAWATLYLYGYŇ WE ADAMKÄRÇILIGIŇ BELENT NUSGASY
Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde wepudaklaýyndolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň häkimliklerinde golaýda neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermekboýunça haýyr-sahawat gaznasy» atlykitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda hem Aşgabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylarynyň, işgärleriniň, ýaşuly nesliň we ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda uly ähmiýetli täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler türkmençilige mahsus milli ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary hakynda söhbet edip, halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, bu ajaýyp eser arkaly ýaş nesliň abadançylygy baradaky aladanyň döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ileri tutýan wezipesi bolup durýandygyna aýdyň göz ýetirip bolýandygyny aýratyn nygtadylar.
«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri entek uzak wagt geçmedigem bolsa, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän netijeli işler ençeme ojaga, howandarlyga, goldawa mätäç çagalaryň köp sanlysynyň kalbyna sahawat nuruny eçildi. Geljegimiz bolan nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alnyp, haýyr-sahawat gaznasyna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Gaznanyň döredilmegi we netijeli işiniň ýola goýulmagy ähli ildeşlerimiz üçin ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere çagyryş boldy. Gaznanyň işi näçe giň gerim aldygyça, haýyr-sahawat edýänleriň sany hem köpeldi. Netijede, howandarlyga mätäç raýatlar özlerine gerekli kömegi alýarlar.
Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna doganlyk Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylmagynyň, onuň işiniň çäginiň barha giňeýändigini görkezýär, munuň özi gaznanyň işiniň diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny tassyklaýar diýip bellediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurduň geljegi hasaplanýan bagtyýar nesil üçin edilýän aladadan nyşandyr. Ynsanperwer ýörelgeleri amal edýän Gahryman Arkadagymyz nusgalyk işleri alyp barýar. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygar esasynda dowam etdirýär.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler, şeýle-de täze kitabyň içinde ýerleşdirilen suratlara ünsi çekip, olarda geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň başda durmagy bilen gaznanyň işleriniň ýola goýluşynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertleriň ýokary derejede açylyp görkezilýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen, rus, iňlis dillerinde giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan neşiriň diliniň çeperçiliginiň, bezelişiniň özboluşlylyklara eýe bolmagy, onda pikirler, maglumatlar bilen birlikde halk aýtgylarynyň, nakyldyr atalar sözleriniň, taryhy şahsyýetleriň durmuşyndan mysallaryň getirilmegi jüpüne düşüpdir.
Tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn berk binýat döreden we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.