«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň ümzügi ileri

17-nji martda gözel paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi geçirildi. Bu sergide türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri, olaryň öndürýän önümleriniň hili we köpdürliligi, işewürlik düzüminiň uly mümkinçilikleri ýörite taýýarlanan diwarlyklarda görkezildi. 

Sergä Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hem gatnaşmagy guwandyryjydyr. Häzirki zaman senagat we elktron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän bu hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary sergä gelýänleriň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Jemgyýet öz işini 2017-nji ýylda dürli ölçegli LED çyralaryny öndürmek bilen başlady. 2018-nji ýylda çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň, dürli ölçegdäki LED panel çyralaryň, 2019-njy ýylda dürli görnüşdäki ýokary watly awtomobil ýollaryny ýagtyldyjy prožektorlaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Hojalyk jemgyýetinde önümleriň görnüşleriniň sany yzygiderli artýar. Olar öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary – routerleri, şonuň ýaly-da suwy sowatmaga hem-de gyzdyrmaga niýetlenen kulerleri öz içine alýar. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň – ýurdumyzyň elektron senagatynyň ilkinji kärhanasynyň tejribesi çuň mana eýedir, sebäbi, ol döwletiň we hususyýetçileriň ýokary derejedäki hyzmatdaşlygynyň mysalydyr.