Baglar – Zeminiň zynaty
Şu ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bu asylly çäre ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde we ähli künjeklerinde hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen gol çeken «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda guraldy.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda geçirilen, indi asylly däbe öwrülen bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň merkezi diwanynyň hem-de garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri hem işeňňir gatnaşyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu günde pudaga berkidilen tokaý zolaklarynda köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çäresi uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Şeýle hem şol gün ministrligiň merkezi diwanynda we her bir edara-kärhanasynda öňden bar bolan miweli, saýaly, pürli agaç nahallaryna, üzümlere we güllere ideg etmek işleri guraldy.