Täze zähmet üstünlikleri

2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar —  iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň,  Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň  hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Onda toplumyň ähli pudaklarynda önümleri öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalarynyň ýokary görkezijiler bilen berjaý edilendigi bellenildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasaynyň 110,9 göterim ýerine ýetirilendgi aýdyldy. 

Şeýle hem 16-njy iýulda geçirilen pudaklaýyn maslahatda  ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini hem görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek we daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri eziz Diýarymyzda öndürilýän hem-de ýurdumyzdan daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 

Hasabat döwründe ministrlik  boýunça gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 113,4 göterime, onuň ösüş depgini 113,4 göterime barabar boldy. Keramzitiň öndürilişi 101,7 göterime we ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 102,1 göterime barabar bolup, ösüş depgini hem 100,1 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,2 göterime barabar boldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 104,2 göterime we  ösüş depgini hem 111,4 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 109,1 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 184,5 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde işleriň önümçilik meýilnamasy 115,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 107,6 göterime barabar boldy. Galaýmor  kän hojalygynda ýerine ýetirilen işler 107,3 göterim boldy, ösüş depgini hem 100,1 göterime barabar boldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda meýilnama 100,5 göterim ýerine ýetirilen bolsa, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde örtgi plitalaryň öndürilişi 114,7 göterime deň boldy, onuň ösüş depgini hem 100,8 göterime barabar boldy. 

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleri tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Arkadagly Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini hem kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzyň – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynjakdygyna ynanýarys hem-de olara üstünlikleriň, rowaçlyklaryň mundan beýlägem ýar bolmagyny arzuw edýäris.