Ýurdumyzyň baş baýramyna zähmet üstünlikleri bilen

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar —  iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. 

Mejlisde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň,  Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň  hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Onda toplumyň ähli pudaklarynda önümleri öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalarynyň ýokary görkezijiler bilen berjaý edilendigi bellenildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 109,9 göterim ýerine ýetirilendigi aýdyldy. 

Ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini hem görnüşlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri eziz Diýarymyzda öndürmek hem-de eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini köpeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. 

2023-nji ýylyň 7 aýynda ministrlik  boýunça gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 112,0 göterime, onuň ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy. Keramzitiň öndürilişi 100,7 göterime we ösüş depgini hem  100,7 göterime barabar boldy. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 102,3 göterime barabar bolup, ösüş depgini hem 100,1 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda meýilnama 100,0 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 105,6 göterime barabar boldy. 

 

Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda gurnama demirbeton önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102,6 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 102,9 göterime deň boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda bu önümiň öndürilişi 155,4 göterime we  ösüş depgini hem 114,8 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişi 108,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 170,2 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişi 105,8 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 121,6 göterime deň boldy. Büzmeýin «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkeziji boýunça işleriň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 100,0 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmegiň meýilnamasy 114,1 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 107,7 göterime barabar boldy. Ýaşlyk keramzit zawodynda keramzit öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirilip, 100,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda demir gurnawlaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde örtgi plitalaryň öndürilişiniň meýilnamasy 113,0 göterime deň bolup, 101,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini hem-de kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek, Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary önümler bilen ýeterlik üpjün etmek üçin senagat kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak we taslama kuwwatyna çykarmak ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzyň – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aljakdyklaryna ynanýarys hem-de olara üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.