Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda işler ileri
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere mynasyp baha berildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we gurluşyk önümçiligi, energetika pudaklary, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Elbetde, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyryp, ýurdumyzyň senagat hem gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça ähli zerur çäreler görülýär.
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi.
Tutuş ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 110,7 göterim ýerine ýetirildi, onuň ösüş depgini 110,7 göterime deň boldy. Keramzitiň öndürilişi 100,4 göterime, onuň ösüş depgini hem 100,4 göterime barabar boldy.
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi, onuň ösüş depgini hem 109,2 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 113,2 göterim ýerine ýetirilip, işleriň ösüş depgini 106,0 göterime barabar boldy. Galaýmor kän hojalygynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 103,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 105,4 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 102,4 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy. Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 154,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 115,0 göterime barabar boldy. Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 111,1 göterime we 169,6 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda meýilnama 110,0 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 124,5 göterime deň boldy. Sekiz aýyň jemi boýunça Ýaşlyk keramzit zawodynda önümiň öndürilişiniň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini hem 100,0 göterime barabar boldy. «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda meýilnama 100,0 göterim ýerine ýetirildi we 100,0 göterime ösüş depgini gazanyldy. Ministrligiň «Demir mehaniki» kärhanasy boýunça meýilnama degişli döwürde 100,8 göterim ýerine ýetirildi we 100,2 göterim ösüş gazanyldy, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça gurlusyk üçin bezeg serişdelerini öndürmegiň meýilnamasy 109,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 105,0 göterime barabar boldy.
Ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň tutanýerli zähmet çekip, mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy almak üçin düýpli işleri durmuşa geçirjekdiklerine ynanýarys.