Gahryman Arkadagymyzyň — milletiň Baş mugallymynyň umumy sapagyna bagyşlanan maslahat
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçy düzüminiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleriniň we paýtagymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Bu maslahat Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy.
Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň taryhy, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeleri we borçlary baradaky umumy watançylyk sapagynyň parasatly mazmuna hem-de akyl-paýhasly pikirlerdir öwüt-ündewlere örän baýdygy nygtaldy.
Çykyşlarda Milli Liderimiziň – milletiň Baş mugallymynyň halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň saýasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň öňünde durýan wezipeler, şunda ýaş nesliň borçlary baradaky örän aýdyň, watançylyga ýugrulan, çuňňur many-mazmunly sapagynyň olaryň hakydasynda hemişelik galjakdygy bellenildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döwür baradaky, halkymyzyň beýik geljegi we türkmenistanlylary gyzyklandyrýan meseleler hakyndaky parasatly sözleriniň işde-de, durmuşda-da nusgalyk ýolgörkezijidigini aýtdylar.
Watanymyzyň abraýyny hem-de mertebesini belende götermek, adam hakyndaky alada Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ýoldur. Bu ýol dünýä derejesinde dabaralandyrylýan türkmeniň milli döwletliliginiň ýoludyr. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ýol-ýörelgeleri häsiýetlendirip aýdan çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän ajaýyp sözlerini mysal getirdiler.
Bu nusgalyk ýoldan ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe gitmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip aýdan ajaýyp sözleri dabaraly maslahata gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly döwletlilik ýörelgelerini Arkadagly Serdarymyz egsilmez gujur-gaýrat, uly yhlas bilen dowam etdirýär. Şonuň netijesinde uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz pajarlap ösýär, eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Biz täze eýýamda eşretli durmuşda ýaşaýarys.
Maslahatyň ahyrynda şeýle gymmatly, çuňňur akyl-paýhasa we öwüt-ündewlere ýugrulan, taryhy-syýasy ähmiýetli ajaýyp sapagy geçirendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözleri aýdyldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, Watanymyzyň röwşen geljegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edildi.