Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iş saparlaryny amala aşyrdy
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyz we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.
Wise-premýer iş saparynyň dowamynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň barşynda paýtagtymyzyň seýilgähleriniň abadanlaşdyrylyşy, awtoduralgalaryň enjamlaşdyrylyşy, şäheriň şaýollarynyň we köçeleriniň ýagdaýy, ýol-ulag hojalygynyň işi, köçe-ýol belgileriniň hem-de çyzgylarynyň talabalaýyk ýerleşdirilişi bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň iş sapary Daşoguz welaýatynda dowam etdi. Wise-premýer bu sebitiň ähli düzümleriniň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa üpjünçiligi bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny, önümçilik we durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, Daşoguz döwlet elektrik bekediniň netijeli işini üpjün etmegiň möhüm wezipedigini belledi.
Wise-premýer welaýat häkimliginde Aşgabat şäheri we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň abadançylygyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen belent maksatlary durmuşa geçirmek, ähli ulgamlarda ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.