Garaşsyzlygyň 32 ýyllygynyň ykdysady üstünlikleri
2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi guraldy. Açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, halkara guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, welaýatlaryň, paýtagtymyzyň, diplomatik wekilhanalaryň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşan bu sergide halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, bökdençsiz, öndürijilikli zähmet çekmegine, medeniýetli dynç almagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň goşýan goşantlary, mümkinçilikleri giňden şöhlelendirildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň gurluşyk önümleri bolan sementiň dürli görnüşleri, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň float usulynda öndürilýän dury we taplanan aýnalaryň görnüşleri, örtükli, düz, laminirlenen aýnalar, aýna paketleri, dürli ölçegdäki çüýşe gaplar, magdan däl materiallar, metal önümleri, diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin, täze önüm bolan kafel, keramiki ýelimleýji gury gurluşyk garyndysy we maşyngurluşyk önümleri sergilenip, şonuň ýaly-da sergi tekjeleriniň bezegine öwrülen senagat-innowasion özgertmeleriň çäklerinde okgunly ösýän himiýa pudagynyň diwarlyklary, fosfor dökünleri, «Marykarbamid», «Tejenkarbamid» zawodlarynyň, «Bereket», «Balkanabat» ýod zawodlarynyň, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň önümlerine uly isleg bildirildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine diýseň uly orun degişlidir. Sergide gurluşyk senagatynyň täze önümleriniň we tehnologiýalarynyň, gurluşyk serişdelerini öndürýän kuwwatlyklaryň widioşekiller arkaly görkezilmegi, olaryň maksatlary, tapawutly taraplary, ýerli-ýerinde ulanylyşy hakynda düşündirişleriň berilmegi diýseň özüne çekiji boldy.
Umuman alanyňda edara-kärhanalar tarapyndan sergä çykarylan önümleriniň ýokary hilliligi, döwrebaplygy, hyrydar söýerliklidigi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bular barada Arkadagly Serdarymyz, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalarymyz belent maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, özara bähbitli, deňhukukly esasda daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzda çig mal serişdelerini gaýtadan işleýan, halkyň sarp edýän harytlaryny hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän pudaklar çalt depginler bilen ösýär. Senagat, oba hojalyk önümleriniň möçberidir görnüşleri artýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýip belleýär.