MADDY-TEHNIKI BINÝAT BERKIDILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halykynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalary, kabul edýän il-ýurt bähbitli maksatnamalary we kararlary netijesinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda senagat pudagynda hem düýpli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirýän özgertmeleriniň esasynda Diýarymyzyň çar künjeginde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda gurulýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryny doly güýjünde hem-de bökdençsiz işletmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary önümçilik üçin gerek bolan harytlar hem-de zerur tehnikalar bilen üpjün etmegiň örän uly ähmiýeti bar. 

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary bilen döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmek üçin maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň başlangyçlary bilen hem-de hemaýat-goldaw bermeginde halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglar we beýleki döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndaky 1/11-2-nji çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalary üçin zerur bolan 50 sany «ZL50GN» kysymly ýükleýji tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň  «Хuzhou Сonstrukсion Maсhineri Group IMP. & EХP. СO., LTD.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Netijede şu ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda 50 sany «ZL50GN» kysymly ýükleýji tehnikalar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary ýurdumyza getirildi. Ýokary hilli, döwrebap we kuwwatly, dünýä belli ýük ýükleýjiler ministrligiň edara-kärhanalarynyň tehniki parkynyň öňki bar bolan tehnikalarynyň üstüni ýetirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda «Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris. Ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy» diýip belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri öňde goýdy. 

Pudakda öňden bar bolan we täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň bu kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde uly ýardam berjekdigine ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!