DOSTLUKLY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk eden türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary girdiler. Şu gezekki sapar döwletara gatnaşyklary berkitmekde we türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutuldy.
Bu möhüm ähmiýetli iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti we bu ýurduň Federal Kansleri bilen duşuşdy. Şeýle hem 29-njy sentýabrda dostlukly döwletiň paýtagty Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir.
Nobatdaky Türkmen-german işewürlik maslahatynyň esasy maksady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Taraplar ykdysady gatnaşyklaryň täze hili barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň ýokary tehnologik we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny biragyzdan bellediler.
Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we olary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň gurallary, şol sanda dürli ulgamlarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly gatnaşyklary pugatalndyrmagyň ýollary barada pikir alşyldy. Hususan-da german kompaniýalarynyň wekilleri dürli döwletleriň ykdysadyýetlerine maýa goýumlary goýmak babatda toplan tejribesini paýlaşdylar we himiýa senagatynda, ulag, gurluşyk ulgamlarynda, gurluşyk serişdeleri önümçiliginde, oba hojalygynda, energetikada, bilimde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hödürlediler.
Netijeli häsiýetde geçen Türkmen-german işewürlik maslahatyna ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň wekilleri bilen birlikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde gol çekilen pudagara ylalaşyklar bilen bir hatarda «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «ThyssenKrupp POLYSIUS» GmbH kompaniýasynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi hem-de kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirildi.
Gepleşiklerde «ThyssenKrupp POLYSIUS» GmbH german kompaniýasynyň taslamalarynyň ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynyň gurluşyklarynda ulanylýandygy göz öňünde tutulyp, geljekde zawodlary önümçilik kuwwatlylygynda we üznüksiz işletmek, enjamlara tehniki taýdan gözegçilik etmek, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlary bilen yzygiderli üpjün etmek maksadynda kompaniýa bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak we geljekde bu işi dowam etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşigiň barşynda ýokarda agzalan meseleler bilen birlikde, geljekde senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda maglumat hem tejribe alyşmak, täze senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklaryna gatnaşmak, önümçilik kärhanalaryny döretmek üçin maslahatlary we tejribeleri alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, geljekde ikitaraplaýyn bähbitli işleriň amala aşyrylmagyna itergi berjekdigi bellenildi.
Şeýle hem ministrligiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçiligine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, kärhananyň gurluşygynda taslamasy ulanylan «Horn Glass Industries AG» german kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilen ozalky gatnaşyklaryň we ýerine ýetirilen işleriň ähmiýeti bellenilip, geljekde hem «Türkmen aýna önümleri» kärhanasyny önümçilik kuwwatlylygynda işletmek, ýörite abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek we tejribe alyşmak, kärhanada öndürilýän aýna we aýna önümleriniň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak, enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek hem önümçiligi ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň wekilleri degişli ugur boýunça gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.