Işler ileri, gadamlar batly
2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere mynasyp baha berildi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we gurluşyk önümçiligi, energetika pudaklary, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan dokuz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde eziz Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyryp, hilini gowulandyrmak, ýurdumyzyň senagat hem gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek, şonuň ýaly-da daşary döwletlerden getirilýän gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan önümleri çykarmak, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletlerine eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmak barada ähli zerur işler ýerine ýetirilýär. 2023-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi.
Bütin ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe sementiň öndürilişiniň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi. Gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 109,4 göterime deň boldy we onuň ösüş depgini hem 109,4 göterime barabar boldy. Keramzit öndürilişiniň meýilnamasy 100,5 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi we bu kärhanada işleriň ösüş depgini 111,9 göterime barabar boldy.
«Bäherden» sement zawody boýunça önümleriň öndürilişi 102,1 göterim we «Lebap» sement zawodynyň önümçilik meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 102,4 göterime deň boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 139,3 göterime we ösüş depgini 116,3 göterime barabar boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 110,4 göterime we ösüş depgini 161,8 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 109,5 göterime, ösüş depgini hem 123,1 göterime barabar boldy. Dokuz aýyň jemi boýunça «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 109,4 göterime, ösüş depgini hem 103,0 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde öndürilmeli önümleriň meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi, onuň ösüş depgini hem 104,1 göterime barabar boldy. Balkan kän müdirliginde magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 101,4 göterime deň boldy, ösüş depgini hem 107,9 göterime barabar boldy. Galaýmor kän hojalygynda meýilnama 103,4 ýerine ýetirilip, ösüş depgini 112,6 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň işgärleri tutanýerli zähmet çekip, mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, ýokary üstünlikleri gazanjakdygyna, uly işleri durmuşa geçirjekdigine ynanýarys.