Nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljege
Şu günler Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen guralýan maslahatlar ähli ýerde giň gerim alýar. 12-nji oktýabrda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlislar zalynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem bu taryhy wakanyň jemlerine bagyşlandy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçylarydyr köp sanly işgärlerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, hormatly ýaşululary we ýaşlary bir ýere jemlän bu maslahatyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly senesini baýram etmegiň çäginde guralan dabaralar, uly üstünlikler bilen geçen umumymilli forumyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň durmuşynda taryhy waka bolup, onuň gün tertibinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nobatdaky umumymilli foruma Diýarymyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekilleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk sütünlerini pugtalandyrmaga, onuň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna, döwletimiziň halkara abraýynyň artmagyna goşant goşýan, il arasynda zähmeti we şahsy göreldesi bilen uly abraýdan peýdalanýan, häzirki döwrüň öňe çykarýan wezipelerine ýokary düşünjeli hem jogapkärçilikli çemeleşýän, ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegi ugrunda aýratyn hyzmatlary bitirýän ildeşlerimiz gatnaşdy.
Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny görkezýär.
Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 32 ýylynda ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, şeýle hem geljekde ähli ugurlar boýunça amala aşyryljak tutumly maksatnamalar öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyz mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm meseleler boýunça anyk wezipeleri kesgitlemek babatda düýpli pikirlerini öňe sürdi. Dabaraly maslahatda çykyş edenler şular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar.
Şeýle-de maslahatda edilen çykyşlarda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy we onda maksatnamalaýyn çykyş etmegi umumymilli forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmekde bitirilen we bitirilýän giň möçberli işler, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda gurluşyk we senagat toplumynda ýetilýän belent sepgitlere, öňde durýan wajyp wezipelere üns çekilip, «Bularyň ählisi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär» diýip bellediler.
Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaraly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ýaly guwançly waka bilen has-da ýatda galandygyny nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, forumda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi biragyzdan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp gitmekde, ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmekde giň gerimli işleri alyp barýandygyny belläp, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Şunlukda watandaşlarymyzyň arzuw-isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli karar kabul edildi we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özüne berlen belent döwlet sylagyna tutuş halkymyza, bilelikde amala aşyrylan beýik işlere berlen sylag hökmünde garaýandygyny bellemegi bolsa, ildeşlerimiziň joşgunly göwünlerine ganat berdi.
Dabaraly maslahatda şu we beýleki taryhy wakalar barada giňişleýin söhbet edilip, kabul edilen giň gerimli maksatnamalary, Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli amala ayrmakda tutanýerli tagallalaryň zerurdygyna aýratyn üns çekildi we oňa gatnaşyjylar bu ugurda zehin-yhlasyny gaýgyrman, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.