Zähmet üstünliklerini ýar eýläp...
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýlägem ösdürilmeginiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we bu döwürde amala aşyrylan işlere mynasyp baha berildi, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika pudaklary, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe sement zawodlarynda 2417, 657 müň tonna sement öndürilip, önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini 100,0 göterime barabar boldy. Gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişinde meýilnama 109,2 göterim ýerine ýetirildi we 109,2 göterim ösüş gazanyldy. Keramzit öndürmegiň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini hem 100,0 göterime barabar boldy. Gurnama demirbeton boýunça Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 102,0 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 102,3 göterime deň boldy. Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 104,0 göterime we ösüş depgini 121,4 göterime barabar boldy. Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 109,9 we 155,6 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda meýilnama 109,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 122,9 göterime barabar boldy. Bu ugurda Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda keramzit öndürmek boýunça meýilnama 101,4 göterim ýerine ýetirilip, 102,7 göterim ösüş gazanyldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100,2 göterime deň bolan bolsa, onuň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. On aýyň jemi boýunça «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda sozulan metalyň öndürilişi 101,8 göterim ýerine ýetirildi, kärhananyň ösüş depgini hem 100,1 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 100,0 göterime, ösüş depgini hem 114,3 göterime barabar bolan bolsa, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça gurluşyk üçin bezeg serişdeleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 110,3 göterime, ösüş depgini hem 102,9 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Täze – 2024-nji ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aljakdyklaryna ynanýarys we olara üstünlikleriň mundan beýlägem ýar bolmagyny arzuw edýäris.