Täsirli geçen okuw-maslahaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, raýatlaryň okamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy, jan saglygyny goramagy üçin ähli şertler döredilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän ajaýyp zamanamyzda adam hakdaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda «Işgärleriň zähmetini goramak – möhüm wezipe» atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatyny ministrligiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümi gurady.
«Işgärleriň zähmetini goramak – möhüm wezipe» atly okuw-maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy A. Seýidow we «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy G. Abdykerimowa jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyrmak we sagdyn durmuşy wagyz etmek hem-de edara-kärhanalarda zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.
Bulardan başga-da okuw-maslahatynyň dowamynda çykyşlarda öňde durýan wezipelere laýyklykda, önümçilikde howply ýagdaýlary duýdurmak, talaba laýyk zähmet şertlerini we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek, işgärleriň janyny we saglygyny goramak üçin ähli zerur işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Pudakda döwrebap tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige barha köp ornaşdyrylmagy netijesinde zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça kadalaryň, düzgünleriň talaplarynyň berk berjaý edilmegi baradaky meseläniň ähmiýetiniň has-da artýandygy hem-de şunuň bilen baglylykda işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň, zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlyk boýunça bilimlerini ýokarlandyrmagyň zerurlygy hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegiň möhümdigi barada aýdyldy.
Şeýle hem okuw-maslahatynyň ahyrynda ministrligiň edara-kärhanalarynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri işleri guramak boýunça tejribeleri alyşmak barada çykyş etdiler hem-de okuw-maslahatynyň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.