Hünär bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli hem-de şu ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen oňat netijeleri gazanan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň göreldeli işini we gazanan netijelerini hem-de hünär ussatlygyny görkezmek bilen tutanýerli we yhlasly işlän zähmet ulgamynyň öňdebaryjylaryny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan bilelikde yglan edilen «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly hünär bäsleşigi geçirildi.
Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp geçirilen bu bäsleşikde edara-kärhanalaryň arasynda 1-nji orna «Lebap» sement zawody, 2-nji orna Ýaşlyk keramzit zawody, 3-nji orna Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasy mynasyp boldular. Şeýle hem işgärleriň arasynda 1-nji orny Demir mehaniki kärhanasynyň metal guýujy sehiniň metal eredijisi A. Mämmedow, 2-nji orna Gazbeton öndürýän zawodyň gazbeton öndürýän sehiniň awtoklaw operatory G. Gazakow hem-de 3-nji orna «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň ýygnaýjy we kebşirleýji №4 önümçilik meýdanynyň elektrokebşirleýjisi Ý. Müssyrow eýelemegi başardylar.
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly hünär bäsleşiginiň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmak bilen öňdäki orunlary eýelän edara-kärhanalaryň göreldeli işini we gazanan netijelerini hem-de hünär ussatlygyny görkezmek bilen ýeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy boldy hem-de olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaraly ýygnagyň dowamynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň «Ak mermer» folklor-etnografiki toparynyň ýerine ýetirijileriniň çykyşlary guraldy.