«Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna ak pata berildi
Ata-baba eklenç çeşmämiz hökmünde düzüminde altyn, kümüş, dür, merjen,.. durmuş badalgasy hökmünde örboýuna galýan täze gurluşyklar üçin zerur önümçilikleriň ählisi bolan türkmen topragy. Bu toprakda Ynsan hajatlary üçin gerekli gymmatlyklaryň ählisiniň bardygy, emma olary biri-birinden saýlamak, öz ýerinde ähli babatda zähmet çekilmelidigi, Hak tarapyn Adam ogluna berlen pähim-paýhasy öz ýerinde ulanmalydygy, başgaçarak aýdylanda öz rysgalyňy gazanmak üçin zähmetiňi gaýgyrmaly däldigi hakynda Burhaneddin Rabguzynyň «Kyssasyl enbiýasynda» aýdylýar. Bu ugurda — häzirki taryhy döwürde durmuşa geçirilýän möhüm işleriň netijesi bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha we barha gowulandyrmak barada alnyp barylýan işler, täze, döwrebap desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň açylyşyna yzygiderli ak patalar berilmegi guwandyryjy wakalaryň biridir.
Şeýle desgalaryň gurulmagy, ilbähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, döwlet gurluşynyň ösüşiniň yzygiderli dowam etdirilmegi babatda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ulusyň alkyşly sözlerine mynasyp bolýandygy özüňe belli. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda şeýle döwrebap kärhanalary diňe bir gurup bermän, eýsem halk hojalygynyň şeýle döwrebap edara-kärhanalaryny dolandyrmagyň, olary netijeli işletmegiň anyk ýollaryny hem görkezýändigi, şeýle ýokary hilli önümleri öndürmäge ukyply hünärmenleri taýýarlap, döwlet durmuşynyň taryhy pursatlaryndaky sazlaşykly ösüşlerini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşjak hünärmenleri taýýarlamak babatda-da uly işleri durmuşa geçirýändikleri hakynda bellemelidiris.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi öňdebaryjy, ösen senagat döwletleriniň biri hökmünde halkara derejesinde ör-boýuna galdyrýan ýurt baştutanymyzyň eziz Diýarymyzy dünýäde ösen ýurtlaryň birine öwürmek barada öňde goýan möhüm wezipelerini aňly-düşünjeli amala aşyrmak babatda-da düýpli işleri durmuşa geçirýändigi hemmeleriň bilýän hakykaty. Häzirki döwrüň ösen talaplarbyndan ugur alyp, ýurduň senagat ulgamyny hem-de onuň bilen önüm öndürmegiň kämil usullaryny ornaşdyrmak maksady bilen, häzirki jogapkärli döwürde durmuşa geçirmeli esasy wezipelerden bolan häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen abzallaşdyrylan senagat kärhanalaryny gurmak we olary doly güýjünde işledip, döwrebap häsiýete eýe bolan täze mazmundaky hem görnüşdäki ýokary hilli gurluşyk materiallaryny we döwrebap önümleri öndürmek meselesinde düýpli öňegidişlikleri gazanmak barada diýseň uly işleri durmuşa geçirýärler. Ynha, ýaňy-ýakynda kuwwaty her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply «Bäherden» sement zawodynyň ýanynda onuň ýene 1 million tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bolan ikinji tapgyrynyň gurlup, hut hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ulanmaga berlendigi biziň bu bellänlerimize anyk mysaldyr. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly: «Häzirki döwürde ýurdumyzda köpugurly gurluşyk önümçilik ulgamy döredildi. Döwrebap kärhanalarda önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar. Ine, şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap kärhana hem şeýle desgalaryň biridir».
Ýurdumyzyň Prezidentiniň ak pata bermeginde gurlup ulanmaga berlen, 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredilen, kärhana binasyndan we 48 desgadan ybarat, öndürýän önümleri dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň önümçilik desgalarynda dünýä derejesinde uly isleg bildirilýän PS 400, PS 500, PS 600 markaly portlandsement hem-de sulfata (duza) durnukly sement öndürilýär. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän biziň ýurdumyzda ulanmaga berlen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda «KHD Humbold Werad» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama dabara gatnaşyjylaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine gowşuryldy.
Önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylarynyň möçberi rugsat berilýän derejeden ep-esli az bolan zawodyň umumy meýdany 60 gektar bolup, onuň çig mal känleri golaýynda ýerleşýär. Onuň işgärleriniň iş tertibi iki çalşyk boýunça ýola goýlandyr. Önümçilik işini alyp barýan enjamlar awtomatlaşdyrylan dolandyryş merkezinden dolandyrylýar. Zawodda sementiň M-500, M-400 hem-de sulfat duzuna durnukly portlandsement öndürilip, olary saklamak, ýerlemek işleri hem göwnejaý alnyp barylýar. Şeýle hem onda edara, hojalyk, abadanlaşdyryş, naharhana, tehnologik amallary dolandyryş, düzediş işleri boýunça gurluşyk, ähli ugurlar boýunça işçi önümleri, merkezi barlaghana, merkezi materallar ammary, lukmançylyk gulluklary, karýer hojalygy, bejeriş sehi, mehaniki ussahana, ulaglar, çig mal owradyjy, çig mal, bişiriji, üweýji, taýýar önümleri gaplaýjy, elektrik hem ýylylyk energetika, ölçeg-barlag enjamlary, awtomatiki sehler we beýleki bölümleri, olarda işleýän hünärmenler zawodda ýokary hilli önümleriň öndürilmegi, maksatnamalaýyn meýilnamalaryň artygy bilen, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin mynasyp goşantlaryny goşýarlar.