Magtymguly Pyragy we onuň döredijiliginiň adamzat durmuşyna täsiri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bolan 2024-nji ýylda häzirki zaman milli edebiýatymyzyň düýbüni tutujy, ýurdumyzyň taryhynda beýik şahyr we akyldar hökmünde öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden we dabaraly bellenilýär. Bu ugurdan beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen belleniljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi barada gelip gowşan hoş habar hakynda hem durup geçmek bilen, munuň özüniň türkmen şahyrynyň we filosofynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan dünýä derejesindäki şahsyýetdiginiň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigi hakynda aýtmalydyrys. Çünki beýik Pyragy öz eserlerinde  adamzadyň baky ruhy, ahlak gymmatlyklary baradaky pikirlerini dünýä ýaýdy, haýsy ýurtda ýaşaýandygyna garamazdan, her bir adamy tolgundyrýan sowallara anyk jogap berdi. Onuň şygyrlarynda türkmen milletiniň özbolyşlylygy, dünýägaraýşy, häsiýeti, ynanç-ygtykady, dili we däp-dessurlary mynasyp beýanyny tapdy. Umuman alanyňda, bular Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummanynyň özboluşly dünýä ýaýylmasydyr.

         23-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Nesilleriň kalbynda sen, Magtymguly Pyragy» atly wagyz-nesihat çäresine gatnaşan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandudaty Aşyrgeldi Jumaýew: «Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanymyzda biz beýik akyldaryň türkmen tire-taýpalaryny agzybirlige çagyrandygyny, berkarar döwlet we adalatly jemgyýet barada arzuw edendigini görýäris. Ol nadanlygy inkär edip, türkmen halkynyň hemişe okamagyny, öwrenmegini, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny isläpdir. Beýik Pyragy filosofiýadan, geografiýadan, matematikadan we tebigat baradaky bilimlerden sapak beren ýokary okuw mekdebi bolan Şirgazy medresesine ýüzlenip ýazan goşgusynda:

          Seljerer men indi agy-garany,

          Dost, rakyp, gardaşy, haky, ýarany, 

          Okydym, göterdim kitap Kurany

diýmek bilen, medresede düýpli bilim alandygyny aýtsa, «Näler boldy» atly şygrynda dünýäniň döreýşi, agy-garasy, dost, rakyp, dogan, hak-nähak, ýaran hakynda düýpli gürrüň edýär, ol şeýle-de Gurhanyň giňişligine aralaşandygy, diýmek dünýä düşünip ugrandygy, emma şeýle-de bolsa özüniň gitmelidigi barada aýdyp, bu uly ýokary okuw mekdebi bilen sagbollaşýar...» diýip bellän bolsa, mirasgär-şahyr Hangeldi Babaýew: «Döwürleriň berkararlaşýanlygyna we dünýäniň barha ýagşylyga  üýtgeýändigine garamazdan, beýik şahyryň eserleri biziň günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmeýär, halkymyz Magtymgula sala salmagyny dowam etdirýär we her gezek onuň ägirtligine täzeden göz ýetirýär. Beýik hem nusgawy şahyryň we akyldaryň taglymlarynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin hem ruhy gymmatlykdygy hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda düýpli hem giňişleýin gürrüň edilýär. Bilimiň we ylmyň durmuşdaky şeýle möhüm ornuna baha bermegiň häzirki günde hem ähmiýetlidigi, çünki dünýäniň günsaýyn däl, sagat saýyn gowulyga özgerýändigi barada aýdan ýagşy. Ylym-bilim adamzadyň ösüşine itergi berýär. Indi diňe bilimiň, täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň döwlete ýa-da millete bäsdeşlige ukyply bolmaga, öňe gitmäge mümkinçilik berýän döwri geldi. Munuň özi häzirki zaman siwilizasiýasynyň iň gowy gazananlarynyň Magtymguly Pyragy tarapyndan kesgitlenen milli maksatlarymyz bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem şahyr öz döwürdeşleriniň käbir hereketlerine tankydy baha berip, öz goşgy setirlerinde olara dogry ýoly salgy berýär. Elbetde, biziň üçin Magtymgulynyň döredijiliginiň çuňňur öwrenilmegine aýratyn üns bermek möhümdir. Sebäbi Magtymgulyny tanamak-özüňi tanamakdyr, adamyň günsaýyn özüni kämilleşdirmegidir, bilim-ylma ymtylmak bolsa intellektual milletiň kemala gelmeginiň görkezijisidir» diýip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ylym-bilime täsiri hakynda gürrüň berdi. Şeýle hem «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň bölüm redaktory Atamyrat Şagulyýew, «Türkmen dünýasi» gazetiniň jogapkär kätibi Döwran Agalyýew, «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory Abdylhalyk Jumadow: «Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-ahlak taýdan mundan beýläk-de ösmegine ýol açýan mukaddes gymmatlykdyr. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän sözüni mysal getirsek jüpüne düşerdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şonda: «Öz halkyny agzybirlige we özbaşdak berkarar döwletlilige çagyran beýik ynsanperwer şahyryň şanly ýubileýini ählihalk baýramçylygyna öwürmelidiris» diýip bellemek bilen, onuň nä derejede uly şahsyýetdigi hakynda belledi» diýip, öz çykyşlarynda beýan etdiler we Magtymguly Pyragynyň umumadamzat derejeli şygyrlary hakynda durup geçdiler.