«Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergisi
2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda bellenilýän her bir şanly senä bagyşlanan dürli çäreler – açylyşlar, sergiler, maslahatlar, forumlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de beýleki dabaraly çäreler giňden we uly ruhubelentlik bilen geçirilýär.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda köpugurly halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.
24-25-nji maýda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu sergi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde täze ösüşler döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini, şäher gurluşygyny, şäher düzümini kemala getirmek babatda ýetilen sepgitleri, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri, geljekki ösüşleri aýdyň açyp görkezdi.
Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi.
Nobatdaky sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň we işewürleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanlysy gatnaşyp, öz önümlerini görkezdiler. Şeýle hem sergä Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mermer paýtagtymyz Aşgabat ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Halkara sergide Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, senagatda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar.
Bu syýasy-ykdysady çärä gatnaşan milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sergi bölümlerinde ähli ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, diwarlyklarda, çaphana önümlerinde – surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem halkara sergisine işjeň gatnaşdy. Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynda gazanylan üstünlikleri – bezeg daşlary, sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, armatura, turba önümleri, santehniki önümler hem-de beýleki birnäçe gurluşyk materiallary bu pudagyň sergi bölüminde görkezildi.
Sergide döwrebap senagat we elektron önümlerini öndüriji bolan bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi hemmeleriň ünsüni çekdi. Bu hojalyk jemgyýetiň harytlarynyň görnüşi yzygiderli artýar. Häzirki wagtda jemgyýetde öýjükli telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, split-sowadyjylar, internet ulgamyny paýlaýjylar hem-de suwy sowadyjy we gyzdyryjy kulerler, çagalar üçin öwrediji kompýuterler we noutbuklar, planşetler, suw paýlaýjy dispanser ulgamy, dürli ölçegli LED lampalary we LED asylýan potolok çyralary, yşyklandyryjy prožektorlar, ýol hereketini sazlaýjy yşyklandyryjylar we LED ýol belgileri, şahsyýeti anyklaýjy elektron «ID» kartlary, plastik bank we köp maksatly kartlar, yşyklandyryjy çyralaryň alýumin çarçuwalary, bankomatlar, terminallar, kassa enjamlary üçin niýetlenen termokagyz öndürilýär.
Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp guralan bu gözden geçirilişiň guramaçylykly we üstünlikli geçendigini bellediler.