Beýik Pyraga belent hormat

Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, Aşgabat hem Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimliklerinde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagyna bagyşlanan tanyşdyryş dabaralary geçirilýär.  

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda hem Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, işgärleriniň, ýaşlaryň, il sylagly ýaşulularyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda uly ähmiýetli täze kitabyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. 

Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 17-nji maýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda türkmeniň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini habar bermeginiň halkymyz üçin uly sowgat bolandygyny bellediler. 

Çykyşlarda bu gymmatly kitabyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanylandygy, onda şahyryň 271 şygrynyň, sözlügiň we sözsoňy bölüminiň ýerleşdirilendigi barada aýdyldy. Kitap türkmen halkynyň beýik ogly, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň çekilen suratlary, türkmen topragynyň ajaýyp we gözel görnüşleriniň suratlary bilen bezelipdir. 

Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alnypdyr. 

Kitapda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen çuň manyly sözleriniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň berilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, beýik akyldaryň özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň asuda we abadan durmuşy baradaky arzuwlary hasyl boldy. Soňky ýyllarda şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilýär. 

Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň gurulmagy we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriniň sanawyna goşulmagy, nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Dabara gatnaşanlar «Magtymguly» atly bu ajaýyp kitabyň ildeşlerimiz üçin olaryň her biriniň işinde we durmuşynda gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýandyklaryny belläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  arzuw etdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.