Liftleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär

Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy esasynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar we senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Ýurt Baştutanymyzyň başda durmagynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. 

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Häzirki döwürde ministrlik tarapyndan döwletimiziň baý mineral-çig mal binýadynyň esasynda pudagy ösdürmek, önümleriň innowasion görnüşlerini tapmak boýunça birnäçe taslamalaryň üstünde işlenilýär. 

Ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap edara-kärhanalaryň sanynyň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan liftlere abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilýän işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda olaryň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz liftleriň önümçiligini ýola goýmagyň hem-de olarda degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy we degişli teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.