Bagtyýarlyk döwrüniň binalary
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Diýarymyzyň paýtagtynda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we kabul ediş merkeziniň ajaýyp binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimizuň gol çeken Kararlaryna laýyklykda düýbi tutulan bu desgalaryň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalar özlerinde öndürilýän ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek arkaly mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu edara binalarynyň açylyş dabaralarynyň bolsa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanandygy, şeýle hem ak mermere beslenen binalary bilen paýtagtymyza gelýänleri haýrana galdyrýan Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda ulanmaga berilmegi tutuş halkymyzy diýseň begendirýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has gowulandyrmak baradaky edýän uly aladalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.