Arkadagly Watanym, gülle, Türkmenistanym!
16-njy aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda ministrligiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramaklarynda «Arkadagly Watanym, gülle, Türkmenistanym!» atly maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Oňa ministrligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň käbir gazet-žurnallarynyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Maslahat açylyp, çykyşlara giň orun berlenden soň, ilki bilen Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdüri Gözel Şagulyýewa hormat bilen söz berildi. Ol öz çykyşynda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren bagtyýar durmuşy, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen taryhy sepgitler hem-de halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda gazanylan ösüşler, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen, Watanymyzyň ýüregi bolan ak mermerli Aşgabat şäheriniň ösüşi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp guralýan çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Çykyşlarda şu günler ýurdumyzyň syýasy durmuşynda we döwlet gurluşynda Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak öňegidişlikleriň we wakalaryň durmuşa geçirilýändigine aýratyn ähmiýet berildi. 14-nji aprelde paýtagtymyzyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirilip, oňa Gahryman Arkadaymyz gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi we şol Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredildi. Onuň döredilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa, häkimiýetiň we halkyň ylalaşykly, ysnyşykly işlemegine, her bir adamyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat eder. Bu çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy barada we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde seredilen guramaçylyk meseleleri hakynda hem düýpli gürrüň edildi.
Maslahatda çykyş edenler ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, eşretli durmuşymyz, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän gül keşbine buýsanç, hormatly Prezidentimiziň Aşgabady raýatlarymyzyň gowy ýaşamagy üçin dünýäde iň oňaýly şäherleriň birine öwürmek hakyndaky aladalary, ak şäherimiziň tämizligi, gül-gülüstana beslenişi, şanly baýramçylyklara görülýän taýýarlyklar we gazanylýan zähmet üstünlikleri dogrusynda durup geçdiler.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünliklere beslenen ýurdumyzda ruhubelentlik we buýsanç bilen bellenilýän toýlara bagyşlanan maslahat oňa gatnaşyjylaryň halkymyzyň abadan hem-de bol-elin ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlary bilen tamamlandy.