«Bilimli» noutbuklar — körpelere ajaýyp sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaraly bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanda ak mekdebe ilkinji gezek gadam goýup, 1-nji synpa okuwa barýan bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzylygynyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda, Watanymyzyň ähli ugurlarda ägirt uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän günlerinde ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýan Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze bilim ojaklarynyň köp sanlysy açylyp ulanmaga berildi.  Bu dabaraly gün talyp ýaşlarymyza, bagtyýar çagalarymyza, olaryň ene-atalaryna iň bir ýatda galyjy pursatlary bagyş etdi. Aýratyn-da, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilim ojagyna ilkinji gezek gadam basýan körpeler üçin ol gün has üýtgeşik boldy, olaryň şatlygyny, buýsanjyny has-da artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, şu ýylyň 1-nji  awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa barýan körpeleriň ählisine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň dabaraly ýagdaýda sowgat beriljekdigi barada hem aýdyldy. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işçi-hünärmenleri öňde goýlan wezipäni abraý bilen berjaý etmek üçin, bada-bat tutumly işlere girişdiler. Olar baglaşylan şertnama boýunça önümçilik işlerini üstünlikli tamamladylar. Şu ýyl 1-nji synpa okuwa baran çagalara hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan 155 müň 641 sany «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleri sowgat berildi we olaryň ýarysyny – 77 müň 821-sini «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem-de galan ýarysyny bolsa «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhana taýýarlady. Indi köp ýyldan bäri körpelere noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini tassyklaýar.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlary boýunça bilim ojaklaryny kompýuterler bilen üpjün etmek işleri doly ýerine ýetirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurulýan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynda, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurmak üçin «Bilimli» haryt nyşanly milli noutbuk kompýuterleriň 100-si «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilip, üpjünçilik işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Işlenip düzülen «Bilimli» noutbuklary kuwwatly prosessora, şeýle hem uly göwrümli operatiw ýada we çalt grafika eýedir. Noutbuklar özünde oturdylan hem-de türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli bolan 11 sany bilim programmasyny saklaýar. Bu programmalar birinji synp okuwçylaryna dürli başarnyklaryny ösdürmäge we bilimlerini artdyrmaga kömek eder.

Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmek babatda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti mynasyp goşant goşýar. Bu hojalyk jemgyýet tarapyndan Led lampalaryň we daşky yşyklandyryjy çyralaryň, dürli ölçegli telewizorlaryň, monobloklaryň, planşetleriň, noutbuklaryň, split sowadyjylaryň, suw paýlaýjy dispanser ulgamynyň, routerleriň, smartfonlaryň, ykjam telefonlaryň önümçilik işleri-de netijeli alnyp barylýar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti öz önümçiliginiň görnüşlerini yzygiderli artdymak bilen, täze, dürli görnüşli ýolyşyklaryň we ýol belgileriniň, bankomatlar üçin ýörite niýetlenen termokagyzlaryň, şeýle hem dürli maksatlara niýetlenen plastik kartlaryň önümçiligini, şol sanda nagt däl hasaplaşyklar üçin niýetlenen NFC plastik bank kartlarynyň, RFID ygtyýar beriş kartlaryň, dürli ölçegdäki köp maksatly kartlaryň, şahsyýeti anyklaýjy ID kartlaryň, sürüjilik şahadatnama kartlarynyň, sim kartlaryň we awtobus kartlarynyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Bu giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýan belent wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

Döwür bilen deň gadam urýan, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmaga hem-de elektron senagatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşmak bilen döwrebaplyga we täzeçillige, ylmyň gazananlaryna easlanýan şeýle işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilendigi örän guwandyryjydyr. 

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri yhlasly we tutanýerli zähmet çekmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerine goşant goşmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.