Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öň yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ministrligiň sement zawodlary üçin  aşakdaky lotlarda görkezilen harytlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 10 (on) iş gününe çenli uzaldyldy:

          Lot №1 – «Bäherden» sement zawody üçin oda çydamly materiallary satyn almak. 

         Lot №2 – «Balkan» sement zawody üçin oda çydamly materiallary satyn almak. 

         Lot №3 – «Lebap» sement zawody üçin oda çydamly materiallary satyn almak. 

Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.

Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabryndaky №222 (30924) sanynda çap edildi.

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.