Täsirli geçen okuw – maslahaty
21-nji aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda «Zähmeti goramak – adam hakdaky alada» atly okuw – maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny ministrligiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümi gurady.
Okuw – maslahatynda çykyş edenler adam hakdaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýändigini, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynda her bir raýatyň jan saglygynyň hemme zatdan ýokarda goýlandygy barada aýratyn nygtap geçdiler.
Bulardan başga-da okuw maslahatyň dowamynda öňde durýan wezipelere laýyklykda önümçilikde howply ýagdaýlary duýdurmak, talaba laýyk zähmet şertlerini we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek, işgärleriň janyny we saglygyny goramak üçin ähli zerur bolan işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Pudakda döwrebap tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige barha köp ornaşdyrylmagy bilen, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça kadalaryň we düzgünleriň talaplarynyň berk berjaý edilmegi baradaky meseläniň ähmiýetiniň has-da artýandygy we şunuň bilen baglylykda işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça bilimlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygy hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegiň möhümdigi barada aýdyldy.
Şeýle hem okuw – maslahatynyň ahyrynda ministrligiň edara-kärhanalarynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri işleri guramak boýunça tejribeleri alyşmak boýunça çykyş etdiler hem-de okuw – maslahatynyň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.