Uly toýa üstünlikler bilen...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 14-nji fewralynda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.  

Mejlisde garalan beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary hem gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň jemi barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, hasabat döwründe toplum boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterime deň boldy. Ministrligiň sement zawodlarynda önümleriň öndürilşi 109,0 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 176,7 göterime barabar boldy. «Bäherden» sement zawodynda önümçilik meýilnamasy 161,6 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 337,2 göterime deň boldy. «Lebap» sement zawodynda alnyp barlan işleriň ösüş depgini 171,6 göterimine deň, «Balkan» sement zawodynda önümiň öndürilişi hem 100,1 göterim ýerine ýetirildi.

Gökdepe kän müdirliginde meýilnama 123,6 göterim ýerine ýetirildi we 100,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Büzmeýin etrabyndaky etrap «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 113,2 göterime, Daşoguz «Demirbetonönümleri» zawodynda meýilnama 102,7 göterime, ösüş depgini hem 101,9 göterime barabar boldy. Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnama 104,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini hem 102,9 göterime barabar boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi  103,1 göterime, onuň ösüş depgini hem 105,9 göterime deň boldy.

Ýaşlyk keramzit zawodynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100,4 göterim, ösüş depgini hem 100,0 göterim ýerine ýetirildi. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda keramzitiň öndürilişi 108,5 göterim ýerine ýetirildi we onuň ösüş depgini 122,8 göterime barabar boldy. 

Ýanwar aýynyň dowamynda ministrligiň edara-kärhanalarynda sementiň öndürilişiniň umumy ösüş depgini 176,7 göterim, magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişi 110,6 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Keramzitiň öndürilişi 105,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň hem ösüş depgini 100,0 göterime deň boldy. Köýtendag kän müdirliginde magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişi 112,0 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 121,9 göterime barabar boldy. Balkan kän müdirliginde şeýle önümleriň öndürilişi 101,8 göterime, onuň ösüş depgini hem 112,0 göterime deň boldy. Şeýle-de «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda aýnanyň öndürilişi 102,6 göterim ýerine ýetirildi, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda sozulan metalyň öndürilişi 101,9 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 235,5 göterime deň boldy. Demir mehaniki kärhanasynda bolsa demiriň öndürilişi 100,7 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy. «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda önümleriň öndürilişi 100,0 göterim ýerine ýetirildi we onuň ösüş depgini 100,0 göterime deň boldy. Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda meýilnama 102,7 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini hem 102,7 göterime barabar boldy. 

 Bu ýyl döwlet hem halkara derejesinde bellenilýän hemişelik döwlet Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barýan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiňň agzybir işgärleriniň mundan beýlägem rowaçlyklary özlerine ýaran edinjekdiklerine ynanýarys. Şeýle beýik baýramy diýseň uly zähmet üstünlikleri, rowaçlyklar bilen garşylamak üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Goý, bize mundan beýlägem zähmet üstünlikleri, uly ýeňişler, rowaçlyklar ýar bolsun!